Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler

Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler

Madridiň Realynyň öňki tälimçisi Zinedin Zidan 2022-nji ýylyň tomsunda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler. Bu barada RMC Sport neşirine salgylanyp, sports.ru habar berýär.

Has takygy, Zidanyň parižlileriň başyna geçip biljekdigi baradaky maglumaty RMC Sport-yň žurnalisti Daniel Riolo mälim etdi. Ýeri gelende bellesek, ol Lionel Messiniň PSŽ-ä geçjekdigini hem öňünden aýdypdy.

Zidanyň PSŽ-ä geçjekdigi entek belli däl, ýöne bu gürrüň klubda ýygy-ýygydan ara alnyp maslahatlaşylýar. Sebäbi PSŽ-de häzirki tälimçi Maurisio Poçettinonyň ýagdaýy durnuksyz bolmagynda galýar. Mundan başga-da, häzirki wagtda Fransiýanyň milli ýygyndysyna tälimçilik edýän Didýe Deşamyň topara ýolbaşçylyk etmek isleýändigi bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi
HBS: Zidan PSŽ bilen Fransiýanyň ýygyndysynyň işini utgaşdyryp biler
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Kristof Galtýe barada käbir çaklamalar
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady