“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady

“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady

Madridiň “Realynyň” ýolbaşçylary baş tälimçi wezipesinde fransuz hünärmeni Zinedin Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni kesgitlediler. Bu barada “As” neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Realyň” ýolbaşçylygy Rauly klubyň indiki halypasy hökmünde görmek isleýär.Aslynda wezipä baş dalaşgär Maurisio Poçettinody, ýöne ol ýanwaryň başynda “PSŽ-niň” tälimçisi boldy. 43 ýaşly hünärmen “Realyň” düzüminde 2018-nji ýyldan bäri işleýär we ol geçen möwsümde ýaşlar toparynyň oýunçylary bilen UEFA-nyň Ýaşlar ligasynda ýeňiş gazanyp, özüni gowy tarapdan görkezmegi başardy.

Raul “Realyň” ýetişdiren oýunçysydyr.Ol oýunçy hökmünde topar bilen bilelikde iki gezek Çempionlar ligasyny we alty gezek Ispaniýanyň çempionatyny utdy.Hüjümçi klubyň taryhynda ikinji bombardir (324 gol).

Ýene degişli makalalar

Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler
Zidan Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär
“Real” baş tälimçi wezipesine dalaşgärleri belli etdi
Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler
HBS: Zidan PSŽ bilen Fransiýanyň ýygyndysynyň işini utgaşdyryp biler
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi