“Real” baş tälimçi wezipesine dalaşgärleri belli etdi

“Real” baş tälimçi wezipesine dalaşgärleri belli etdi

“Real” klubyň baş tälimçisi Zinedin Zidany işden çykarmak barada pikirlenýär. Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, “Şa klubynyň” ýolbaşçylary fransuz hünärmen işden giden ýagdaýynda tälimçi wezipesine dalaşgärleri eýýäm göz öňünde tutup başlady. Bu barada vprognoze.ru belläp geçýär.

Häzirki wagtda madridlileriň ýaşlar toparyna ýolbaşçylyk edýän, “Realyň” ozalky futbolisti Raul esasy dalaşgär bolup durýar.Muňa garamazdan, Raulyň esasy topara ýolbaşçylyk etmäge taýýardygyna şübhe döreýär. Ýene bir dalaşgär hökmünde “Tottenhemiň” ozalky baş tälimçisi Maurisio Poçettino göz öňünde tutulýar. Ýöne Poçettinonyň uzak möhletli şertnamany talap edip bilmegi kynçylyk döredýär, çünki “Real” şeýle şertnamalardan gaça durmaga synanyşýar. Ýatlap geçsek, 21-nji oktýabrda “Real” Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji tapgyr duşuşygynda “Şahtýordan” 2:3 hasaby bilen utuldy.

Mundan ozal “Şa kluby” Ispaniýanyň çempionatynyň çäginde 0:1 hasaby bilen “Kadisdan” ýeňildi. 24-nji oktýabrda “Real” Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” bilen duşuşar.Oýun “Kamp Nou” stadionynda geçer. “Realyň” “Borussiýa” M bilen duşuşygy 27-nji oktýabra meýilleşdirilen.

Zidan “Reala” 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda ýolbaşçylyk etdi we onuň topary Çempionlar ligasynda bassyr üç gezek ýeňiji boldy. Şondan soň ol bu topara 2019-njy ýylda täzeden ýolbaşçylyk edip başlady.

Ýene degişli makalalar

“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady
Zidan Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär
Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler
HBS: Zidan PSŽ bilen Fransiýanyň ýygyndysynyň işini utgaşdyryp biler
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler