Zidan Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär

Zidan Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär

Zinedin Zidan 2020/21 möwsüminiň ahyrynda Madridiň "Real" futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesinden gitmekçi bolýar. Bu barada Diario Gol portalyna salgylanyp, Gazeta.Ru habar berýär.

Zidanyň wezipesinden gitmek meýli klubyň transfer wadalaryny ýerine ýetirmezligi bilen baglanyşykly. Zidan Pol Pogbany, Sadio Maneni we Eduardo Kamawingany topara goşmagy meýilleşdiripdi. Mundan başga-da, hünärmen "Real" yzly-yzyna şowsuz oýunlary geçirende her gezek hut özüniň üns merkezinde bolýanlygy sebäpli işleýän gurşawyny halamaýar.

Ondan öň “Real” toparynyň baş tälimçiligine Maurisio Poçettinonyň we Raulyň dalaşgär hökmünde görülýändigi habar berildi. Diario Gol portalynyň aýtmagyna görä, Zidanyň hyzmatlary bilen Fransiýanyň Futbol federasiýasy, PSŽ we "Ýuwentus" klublary gyzyklanýar.

Zidan “Realyň" tälimçisi wezipesine 2019-njy ýylda bellendi. Onuň klub bilen şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder. Mundan öň ol kluba 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli hem tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygynda "Real" üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy we iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy.

Häzir “Real” Ispaniýanyň çempionatynda 11 oýun oýnap, 20 utuk bilen dördünji orunda durýar. Şeýle hem, ol Çempionlar ligasynda ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler
“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady
Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Kristof Galtýe barada käbir çaklamalar