Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler

Marca: Poçettino ýa-da Raul Madridiň "Realyna" baş tälimçi bolup biler

Ispaniýanyň “Real” futbol kluby Maurisio Poçettinony we Rauly toparyň baş tälimçisiniň wezipesine esasy dalaşgärler hasaplaýar. Bu barada "Marca" gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda Madridiň "Realyna" Zinedin Zidan baş tälimçilik edýär.Aýdylmagyna görä, klubuň ýolbaşçylary toparyň soňky netijelerinden nägile. "Real" Ispaniýanyň çempionatynda yzly-yzyna üç oýunda (iki ýeňliş, bir deňlik) ýeňiş gazanyp bilmedi we Çempionlar ligasynda ukrainaly "Şahtýordan" (0:2) utulyp, "B" toparçada üçünji orna düşdi. 48 ýaşly Poçettino bu wezipä esasy dalaşgär hasaplanylýar.

Argentinaly tälimçi mundan öň iňlisleriň “Tottenhem” toparynda şeýle wezipede işläpdi.Iýun aýynda 43 ýaşyny dolduran Raul oýnan oýunlarynyň sany boýunça (741 oýun) "Realyň" rekordçysy hasaplanylýar we häzirki wagtda ol Madridiň ätiýaçlyk topary "Kastiliýa" tälim berýär.

Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen on oýundan soň “Real” 17 utuk bilen dördünji orunda barýar.

Ýene degişli makalalar

Zidan Madridiň "Realynyň" baş tälimçisi wezipesinden gitmegi meýilleşdirýär
“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady
“Real” baş tälimçi wezipesine dalaşgärleri belli etdi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
HBS: Zidan PSŽ bilen Fransiýanyň ýygyndysynyň işini utgaşdyryp biler
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Krisotf Galtýe barada käbir çaklamalar