Zidan “Realdan” gaýtdy

Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynda tälimçisini çalşan-çalşana. “Bawariýa”, “Lill”, “Napoli”, “Inter” toparlaryndan soň “Real Madrid” klubundan hem köpden bäri gürrüňi edilýän habar resmi ýagdaýda gelip gowuşdy.Toparyň tälimçisi Zinedin Zidan bilen ýolunyň aýrylandygy habar berildi. “La Ligany” 2-nji ýerde, 11 ýyldan soň bolsa möwsümi kuboksyz tamamlan “Real Madridde” Zidanyň ikinji başdan geçirmesi-de tamamlandy. 2018-nji ýylyň maýynda birinji başdangeçirmesini tamamlan Zidan 2019-njy ýylyň martynda täzeden Realyň tälimçisi bolupdy. 2022-nji ýylyň iýunyna çenli-de “Real” bilen şertnamasy bar bolan Zidanyň ady “Ýuwentus” bilen agzalýar.

Zidan “Real Madridde” 11 kubok “La Ligada” 2, Çempionlar ligasynda 3, FIFA Klublararasy Dünýä Kubogynda 2, Ispaniýanyň Super Kubogynda 2, UEFA Super Kubogynda 2 çempionlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Kristof Galtýe barada käbir çaklamalar
Çempion tälimçileriň ýene biri wezipesinden gitdi
Turkmenportalyň sport syny: PSŽ we Krisotf Galtýe barada käbir çaklamalar
Çempionlar ligasynyň ýarym finaly: Real Çelsi bilen birinji duşuşykda deňme-deň oýnady
Zinedin Zidan möwsümiň ahyrynda “Realdan” gidip biler
“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda