“Žiro d’Italianyň” TÄZE ýeňijisi

Welosport ýaryşlarynyň iň naýbaşylaryndan hasaplanýan, 3 “Gran Tur” bäsleşikleriniň biri bolan “Žiro d’Italiada” garaşylmadyk türgen ýeňiş gazandy.Bu ýyl 102-nji gezek geçirilen ýaryşda “Movistar Team” toparynyň ekwadorly türgeni Riçard Karapas ýeňiji boldy.

Maý aýynda 26 ýaşyny dolduran türgen 90 sagat 1 minut 47 sekuntlyk netije bilen karýerasyndaky ilkinji “Gran Tur” ýeňşini baýram etdi.Geçen ýylky ýaryşda 4-nji orny eýelän Karapas 21 tapgyryň diňe 2-sinde ýeňiş gazandy. 14-nji tapgyrdan soň, umumy sanawda 1-nji ýere geçen Karapas ýaryşyň ahyryna çenli-de gülgün reňkli köýnekçäni özünde saklap, çempion diýen ady eýeledi. 3 hepdeläp dowam eden ýaryşda 2-nji orna “Bahrein-Merida” toparynyň italýan sürüjisi Winçenzo Nibali mynasyp boldy. “Žiro d’Italiada” 2 çempionlyk (2013, 2016) gazanan Nibali ýeňijiden 1 minut 5 sekunt soň pellehana geldi. Ýeňiş münberiniň üçünjilik basgançagyna “Team Jumbo-Visma” toparyndan sloweniýaly Primož Rogliç çykdy.“Žiro d’Italianyň” beýleki ugurlarynda, has takygy, utuk toplamakda germaniýaly Paskal Akermanm (“BoraHansgrohe”), dag ýaryşlarynda italiýaly Julio Çikkone (“TrekSegafredo”), ýaşlaryň arasynda-da “Astana” toparyndan kolumbiýaly Migel Anhel Lopez bassyr 2-nji çempionlygyny gazandy.

Toparlaryň arasynda “Movistar Team” umumylykda 270 sagat 44 minut 14 sekuntlyk görkeziji bilen 1-nji ýeri eýeledi.“Žiro d’Italia” “Gran Tur” welosport ýol ýaryşyna şu ýyl 20-ä golaý topardan 220 töweregi türgen gatnaşdy. 21 tapgyrdan ybarat bolan ýaryş Bolonýadan bat alyp, Werona şäherinde-de tamamlandy.

Türgenler 3546,8 kilometr ýol geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji sloweniýaly türgen
“Tur de Frans” yň ýeňijisi Geraýnt Tomas
Italiýada garaşylmadyk ýeňiş
Sloweniýaly türgeniň “Tour de France” ýaryşyndaky taryhy ýeňşi
Ramosyň täsin rekordy
Sport habarlary