Zombiler baradaky täze filmiň görkeziljek wagt mälim edildi

“300”, “Watchmen” ýaly köpleriň söýgüsini gazanan filmleriň režissýory Zek Snaýderiň täze kinosy 21-nji maýda görkeziler. “Army of the Dead” atly bu film “streaming” ulgamynyň iň öňdebaryjysy Netflix-de ýaýlyma berler.

Zombiler baradaky filmde Deýw Bautista, Ell Purnell, Ana De La Reguera, Teo Rossi, Huma Kureşi, Omari Hardwik, Tig Notaro, Hiroýuki Sanada, Garret Dillahant, Mattias Şweighöfer, Raul Kastilýo, Nora Arnezeder, Samanta Win ýaly artistler çykyş edýär.

2004-nji ýyldaky “Dawn of the Dead” filminiň rimeýki bolan “Army of the Dead” filminiň eýýämden animasiýa görnüşli serialy hem ekranlaşdyryljakdygy habar berildi.

The post Zombiler baradaky täze filmiň görkeziljek wagt mälim edildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Ar alyjylar: müdimilik urşy” (Avengers: Infinity War)
“Blade Runner 2049”
Toprak Razgatlyogly Fransiýada geçirilen çempionatda 2-nji oruna mynasyp boldy
TENNIS TÄZELIKLERI
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Halepiň 1-nji, Williamsyň 11-nji finaly