Zyýat Hil konditer dükanlary: süýjüligiň islendik görnüşleri

Zyýat Hil konditer dükanlary: süýjüligiň islendik görnüşleri

Şeýle ýagdaý sizde-de bolýarmy? Çaýyň ýany bilen süýjüje bir zat iýesiň gelýär-de, näme iýjegiňi bilmeýärsiň...

Munuň ýaly ýagdaýda ikirjiňlenip oturmagyň geregi ýok! Zyýat Hil dükanlarynyň islendik birine girseňiz, müşderilere tekje doly süýjülikler garaşyp durandyr: tortlar, pirožnylar, kökeler, gündogar süýjülikleri, traýfllar, wafliler, bezeler hem-de beýleki süýjülikler...

Zyýat Hilden her kim öz süýjüligini tapyp biler. Klassikany halaýanlar çagalykdan tanyş tagamlaryna üns çekseler, täzeçilligi gowy görýänler ýa-da täze tagamy synap görmek isleýänler bu ýerdäki datly tagamlara haýran galarlar.

Süýjülikleriň taýýar görnüşlerinden başga-da, Zyýat Hil tort we konditer önümlerini taýýarlap bermegi aýratyn sargyt etmek hyzmatlaryny hem hödürleýär.

Zyýat Hil süýjülikleriniň täzeligini we hilini kepillendirýär, sebäbi olary taýýarlamak üçin diňe iň gowy goşundylar ulanylýar hem-de önümçiligiň ähli tapgyrlary tejribeli hünärmenleriň berk gözegçiliginde alnyp barylýar.

Zyýat Hiliň wekiliniň bellemegine görä, bu ýerdäki konditerler özboluşly tagam görnüşlerini döretmek üçin başarnyklaryny yzygiderli ösdürýärler.

Zyýat Hil konditer önümleri dükanlary hepdäniň ähli günleri sagat 8:00-dan 22:45-e çenli açykdyr.

Bu dükanlaryň müşderilerine diňe bir datly süýjülikleri däl-de, eýsem ýakymly bonuslary hem hödürleýändigini ýatladýarys:

- 150 manatdan ýokary möçberde sargyt edilen ýagdaýynda Aşgabadyň çägine eltip bermek mugt;

- Doglan güni ýekşenbe gününe düşýän müşderiler üçin tortlara 50% arzanladyş bar. Bu aksiýa diňe şu salgyda ýerleşýän konditer dükanynda bardyr: Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, Seýran söwda merkezi.

Şeýle-de Zyýat Hil konditer torunyň ýene-de iki ýerde dükany bar:

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükanlary özboluşly nusgawy Napoleon tortyny hödürleýär
Zyýat Hil konditer dükanlary Halkara zenanlar gününe sargytlary kabul edýär
Zyýat Hil: 150 manatlyk sargyt edilende Aşgabadyň içine mugt eltip bermek hyzmaty
Zyýat Hil doglan güni dynç güne düşýän müşderilere tortlary 50% arzan berýär
Zyýat Hil konditer dükanlary bulgurlarda datly süýjülikleri hödürleýär
Zyýat Hilde konditer we çörek önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär