10.05.2018 | Täze senagat desgalary — ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagynyň binýady

Şu gün Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen iri senagat toplumy ýylda ýüplügiň 3 müň 300 tonnasyny, şondan taýýarlanan matalaryň 20 million inedördül metrini, şol sanda boýalan matalaryň 18 million inedördül metrini hem-de 3,5 million taýýar tikin önümlerini öndürer.

Geljekki dokma kärhanasynyň taslamasy pagta süýümini gaýtadan işlemek tapgyryndan başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli tehnologik işleriň tutuş toplumyny gurmagy göz öňünde tutýar hem-de egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär.

Bu çözgüt pudaklary giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmaga, sebitleri senagat taýdan ösdürmäge, ýerli tebigy serişdeleri has doly peýdalanmaga gönükdirilen milli ykdysadyýetimiziň ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolar.Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 5 müň tonna türkmen inçe süýümli pagtasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen şunuň ýaly dokma toplumynyň gurluşygyna badalga berlipdi.

Inçe süýümli pagta ýurdumyzyň we daşary ýurtly sarp edijileriň örän uly isleg bildirýän dürli görnüşli ýokary hilli dokma önümleriniň önümçiligi üçin gymmatly tebigy çig mal bolup durýar.Pudagyň ýokary tehnologiýaly iki sany bu önümçilik desgasyny gurmak Türkiýäniň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasyna ynanyldy.

Kompaniýa bilen bu pudakda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň köpýyllyk tejribesi toplanyldy.Kompaniýanyň işjeň gatnaşmagynda Gökdepäniň we Baýramalynyň dokma toplumlary, Aşgabat dokma toplumynyň Büzmeýindäki pagta egriji fabrigi hem-de pudagyň beýleki kärhanalary guruldy.

Bu dabara dokma senagatynyň pudak düzümleriniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly işewürler, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar.Olary bu şanly waka bilen gutlamak üçin Mejlisiň deputatlary geldiler.

Dabara mynasybetli owadan bezelen meýdançada dokma senagatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.Onda “Made in Turkmenistan” diýen nyşan bilen dünýäniň köp döwletlerine iberilýän ýokary hilli harytlaryň we önümleriň giň gerimi görkezilýär.

Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly tansly çykyşlar hem-de ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary wakanyň baýramçylyk öwüşginini artdyrdy.Dabaranyň barşynda bu ýere ýygnananlar halkymyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, ýerli serişdeleriň binýadynda gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň eksport möçberlerini köpeltmek milli Liderimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň dokma senagaty eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge, ilatyň durmuşynyň ýokary hilini gazanmaga gönükdirilen ykdysady ösüşiň milli strategiýasynyň üstünligini görkezýär.

Türkmenistanyň çig mal ýurdy bolmagyndan taýýar önümleri öndürýän hem-de eksport edýän dünýä derejeli iri öndüriji we eksport ediji orunlara depginli geçmek boýunça döwlet wezipelerini çözmekde hut şu pudaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyz tebigy howa şertleri boýunça orta süýümli we inçe süýümli pagtanyň iň oňat görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uly mümkinçilige eýedir.

Pagtanyň bu görnüşleri iň gadymy oba hojalyk ekini bolup, olary ýetişdirmegiň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär.Häzir taryhy däpleri dowam etdirýän hem-de ösdürýän Türkmenistan dünýäde öňdebaryjy çig mal öndürijileriň biridir.

Milli gymmatlygymyz bolan pagtanyň ak hanalary Watanymyzyň Döwlet tugrasyny bezäp, döwlet nyşanymyzda orun tapdy.Dünýäde tebigy ýüplüge we matalara, ekologiýa taýdan örän arassa bu çig maldan taýýarlanan egin-eşiklere bildirilýän ýokary isleg milli ykdysadyýetimizde hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde dokma senagatynyň ileri tutulýan ornuny şertlendirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda döwlet tarapyndan gönükdirilýän uly maýa goýumlary, kärhanalary öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrmagy netijesinde, ýokary hilli türkmen önümleriniň görnüşleri yzygiderli artyp, daşary ýurtlarda öndürilýän şeýle önümlere mynasyp bäsdeş bolýar.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýada önümçiligiň gutarnykly tapgyryna eýe bolan iri toplumlar, ähli welaýatlarda hem-de çig mal binýadynyň ýakynynda gurlan ýörite pagta egriji we beýleki degişli fabrikler Türkmenistanyň dokma pudagynyň önümçilik düzümleriniň esasyny düzýär.

Bu bolsa sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, ilatyň durmuş derejesiniň ýokary hilini gazanmagyň maksatlaryna laýyk gelýär.Ahal welaýatynda pagtany gaýtadan işleýän iri toplum döredildi.Bu ýerde öz tehnologik işi we giň görnüşli önümleri çykarmagyň möçberleri boýunça Gökdepäniň, Gypjagyň we Ruhabadyň dokma toplumlary, innowasion häsiýetli egriji kärhanalaryň birnäçesi hereket edýär.

Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky 2021-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilen önümçiligiň gutarnykly tapgyryna eýe bolan pudagyň täze desgalarynyň daşary ýurtlaryň pagta bazarlarynda gymmatly inçe süýümli pagtadan öndürilen matalaryň täze tapgyrynyň esasynda taýýar dokma önümleriniň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellemek möhümdir.

Mysal üçin, ondan zenanlaryň tomusky ýuka köýneklerini we batist (ýukajyk nah mata), markizet, tafta, (ýuka ýüpek mata), gipýur we dünýä dokma senagatynyň söwdalarynda aýratyn ýokary baha berilýän beýleki matalar işlenip çykarylar. 2017-nji ýylda Kaka pagta egriji fabriginde ulanmaga berlen “Serdar” täze önümçiligi hem inçe uzyn süýümleri bolan pagtany gaýtadan işlemek, innowasion esasda we eksporta niýetlenen dokma kärhanalaryny döretmek boýunça wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Bu ýerde ozal ýurdumyzda öndürilmedik — tow berlen, inçe daralan, inçe süýümli pagtadan iki örülen ýüplük ýaly önümleriň çykarylmagy ýola goýuldy.Ol tüýjümek we örme önümleri, dürli matalary taýýarlamaga niýetlenendir.

Dabara gatnaşyjylara we myhmanlara ýurdumyzyň dokma pudagynda gazanan üstünlikleri baradaky wideoşekiller görkezildi.Görkezilen maketde “Cotam Enterprises Ltd.” türk kompaniýasynyň prezidentiniň orunbasary hanym Seda Genguru şu gün düýbi tutulýan pudagyň geljekki kärhanasynyň mümkinçilikleri, onuň dünýä derejeli öndürijileriň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylyşy barada içgin gürrüň berip, kompaniýanyň üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Dabarada çykyş eden jemgyýetçiligiň wekilleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmelerini öňe ilerletmekde hem-de ýerlerde durmuş meseleleriniň çözülmeginde halkyň saýlanlarynyň — Mejlisiň deputatlarynyň goşantlaryny belläp geçdiler.Täze dokma toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen täze iş orunlarynyň döredilip, ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.

Halkyň saýlanlarynyň adyndan Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.Bu ýere ýygnananlary kärhananyň gurluşygyna başlanylmagy bilen gutlap, parlamentariý sebitiň ykdysadyýetini döwrebap derejede ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli özgertmeleri hem-de düýpli täzelenişleri belledi. Şu ýylyň aprelinde 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw akabasynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydygyny bellemek gerek.

Ol oba hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzda pagtany gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine hyzmat eder. Ýokarda bellenilişi ýaly, mart aýynda Kaka etrabynda egirme-dokma, boýag we tikin önümçiliklerini öz içine alýan senagat toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.

Ondan biraz ozal — ýanwar aýynda Duşak şäherçesinde täze perinatal merkezi açyldy.Geçen ýylyň dekabr aýynda Artyk we Duşak şäherçelerinde degişlilikde Saglyk öýi we keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy ulanmaga berildi. Ýerli ýaşaýjylar Kaka etrabynda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň tutuş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmeginiň hem-de açylmagynyň ýaş deputatyň alyp barýan netijeli işleri bilen baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýarlar, bu deputat milli parlamentde Ahal welaýatynyň 25-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär.

Dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze gurluşygyň binýadyna hormatly Prezidentimiziň gol çeken gutujygy goýulýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene-de bir möhüm desgasynyň gurluşygyna dabaraly badalga berildi.

Bu desga milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly öňdebaryjy pudaklarynyň biriniň önümçilik düzüminiň üstüni ýetirer.Bu waka ýurdumyzy depginli senagatlaşdyrmak, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň iş bilen üpjünçiligini we abadançylygyny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwletimiziň anyk ädimleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Täze senagat desgalary — ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagynyň binýady
Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Emeli aň tehnologiýaly kompýuter
Kosmos uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy
Täze gaz geçiriji taslamasy türkmen gazynyň Hindistana barmagyna mümkinçilik döreder