148 ýyllyk taryhynda 5-nji uly kubogyny gazandy

148 ýyllyk taryhynda 5-nji uly kubogyny gazandy

Şotlandiýanyň Liga Kubogy ýaryşynyň finalynda “Sent-Mirren” bilen “Seltik” toparlary duşuşdy.Glazgo şäherindäki “Hampden Park” stadionynda oýnalan finala “Sent Mirren” topary 2-nji minutda Freýzeriň tapawutlanmagynda gol bilen başlady.

Duşuşygyň 23-nji minutda “Seltik” Haýuganyň takyk urgusy bilen hasaby deňlese-de, “Sent-Mirren” 2-nji ýarymda has erjel oýun görkezdi. 64-nji we 76-njy minutlarda Aýunga tapawutlanyp, “Sent-Mirren” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Bu olaryň şu ýaryşdaky 2013-nji ýyldan soň 2-nji ýeňşi boldy.Umumylykda Peýsli şäheriniň wekili 148 ýyllyk taryhynda uly ýaryşlary hasaba alanyňda, 5-nji kubogyny gazandy.Toparyň beýleki 3 uly kubogy Şotlandiýanyň Kubogy ýaryşynyň ýeňşidir.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
52-nji gezek çempoion boldy
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Dokuzy düzüw “Seltik”
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy