Dokuzy düzüw “Seltik”

Ýewropanyň futbol çempionatlarynda tamamlanan soňky tapgyrda uly hasaply ýeňişler hasaba alyndy.Angliýanyň “Premier Ligasynda” “Liwerpul” öz meýdançasynda “Bornmuty” 9-0 ýeňdi.Edil şonuň ýaly hasap bilen britan adasynda ýene bir duşuşykda peýda boldy. Şotlandiýanyň çempionatynda “Seltik” myhmançylykda “Dandi Ýunaýtedi” 9-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Glazgo şäheriniň klubuna ýeňiş getiren gollaryň 3-sini 1-nji ýarymda Furuhasi (15, 40, 45), ýene bir 3-sini 2-nji ýarymda Abada (50, 59, 77) geçirdi.Beýleki gollary-da Žota (45), Ýuranowiç (55) hem-de Starfelt (81) derwezä girizdi. Şunlukda, “Seltik” çempionatyň rekordyny gaýtalap, olar 2010/11 möwsüminde “Aberdin” toparyndan 9-0 üstün çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Agaçlar şäherleri arassa we salkyn edýär
52-nji gezek finala çykdy
52-nji gezek çempoion boldy
“Reýnjers” 11 ýyldan soň 11-nji gezek Çempionlar Ligasynda
“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy