16.01.2021 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy.

Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamid satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE, Türkiýe, Serbiýa, Azerbaýjan, Özbegistan we Owganystan döwletleriniň işewür wekillerine reňksiz aýna, nah ýüplük, buýan köküniň gury toşaby satyldy. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 116 million dollaryndan gowrak boldy.

Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň işewürleri jemi 15 million manatlyga golaý nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 320 million manatlyga golaý bolan ”Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Lebapda A-80 kysymly benzin tapdyrmaýar
Birža söwdalarynyň umumy möçberi $105,7 milliondan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy
TDHÇMB-da çarşenbe güni KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi