2021-nji ýylyň ilkinji ýörişi

ABŞ-nyň Aerokosmos edarasy (NASA) tarapyndan köpçülige berlen beýanatda Maýk Hopkinsiň hem-de Wiktor Gloweriň Halkara Kosmos Bekedinde açyk kosmosa çykandyklary mälim edildi.Orbitada hereket edýän kosmos bekedinde zähmet çekýän kosmonawtlar dürli sebäplere görä, kabinanyň daşyna açyk kosmosa çykmaly bolýarlar.

Muňa kosmos ýörişi diýilýär.NASA Maýk Hopkins bilen Wiktor Gloweriň kosmos bekediniň batareýalaryny çalşandyklaryny mälim etdi. 6 sagat 56 minutlap dowam eden ýörişiň dowamynda astronawtlar Ýewropa Kosmos Agentligi tarapyndan öndürilen “Bartolomeo” atly platformany hem gurnadylar.

Bu platforma ýokary aragatnaşyk ulgamy arkaly Ýewropadaky Ýer stansiýalary bilen aragatnaşygy ýola goýar.Bu iki astronawtyň 1-nji fewral güni ýene-de gäminiň daşyna çykjakdyklary mälim edildi.

The post 2021-nji ýylyň ilkinji ýörişi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

85 günde rekord goýdular
4 astronawt yzyna geldi
Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçisi British Library kitaphanasynda duşuşyk geçirdi
Artistler ýylyň iň gowy aktýor we aktrisalaryny saýlaýar
Dünýäde COVID-19-a garşy sanjym alanlaryň sany kesellänleriň sanyndan geçdi
Ýaponiýa daşary ýurtlularyň ählisine girişi gadagan etdi