85 günde rekord goýdular

Geçen ýylyň noýabrynda Halkara Kosmos Bekedine iberilen 4 astronawtyň rekord goýandygy mälim edildi. “SpaceX” kompaniýasynyň “Falcon 9” raketasy bilen uçurylan astronawtlar ABŞ-nyň çäklerinden kosmosa iberilip, iň köp wagtlap kosmosda wagt geçiren astronawt hökmünde hasaba alyndylar.

Bu ugurdaky mundan ozalky rekord 1974-nji ýylyp 8-nji fewralynda uçurylan we 84 günläp “Skylab-4” kosmos bekedinde bolan ekipaža degişlidigi mälim edildi.

90-njy ýyllara çenli kosmos giňişliginde ABŞ-nyň we ozalky Sowet soýuzynyň aýratyn adamly kosmos beketleri bardy. 90-njy ýyllardan soňra bolsa, dünýäniň kosmos babatda ösen ýurtlary bilelikdäki bekedi gurmaga girişdiler. Şondan bäri bolsa, bu bekede diňe Russiýanyň “Soyuz” raketalary bilen adamly uçuşlar guralýardy.

Soňky ýyllarda ABŞ-da hususy kompaniýalary adamly uçuşlary amala aşyrmak üçin taslamalary durmuşa geçirip başladylar. Şonuň çäklerinde geçen ýylyň güýzünde amerikan astronawtlary Maýk Hopkins, Wiktor Glower, Şannon Walker bilen bilelikde ýaponiýaly Soiçi Noguçi ylmy barlaglara gatnaşmak üçin kosmos bekedine iberilipdir.

ABŞ-nyň çäklerinden 2011-nji ýyldan bäri kosmosa astronawt uçurylmandy.

The post 85 günde rekord goýdular appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“SpaceX” operasiýa maksatly ilkinji astronawtlaryny uçurdy
“SpaceX” kapsulasy HKS-a birikdirildi
2021-nji ýylyň ilkinji ýörişi
4 astronawt yzyna geldi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Senatdaky orun üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi