2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň futbolyna näme garaşýar

2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň futbolyna näme garaşýar

Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň altynjy kongresi geçirildi.Duşuşyk CAFA-nyň prezidenti Rustam Emomaliniň ýolbaşçylyk etmeginde geçdi.Oňa CAFA-nyň wise-prezidenti Gyrgyzystandan Dastanbek Konokbaýew, CAFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary Özbegistandan Rawşan Irmatow we Eýrandan Mehdi Taj, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Eýranyň we Owganystanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly birikdiler.Bu barada tj.sputniknews.ru habar berýär.

Sözüniň başynda Rustam Emomali koronawirus pandemiýasynyň sport durmuşyna ýetiren güýçli täsirini belläp geçdi.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň ýolbaşçysy sebit assosiasiýalary üçin AFC-niň maliýe goldawy maksatnamasynyň döredilmeginiň Merkezi Aziýada futboly ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňeltmäge kömek edendigini belledi. Şeýle-de, Rustam Emomali 2022-nji ýylda CAFA-nyň howandarlygynda dürli ýaşdakylaryň arasynda sekiz ýaryşyň geçiriljekdigini aýtdy. Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti Rawşan Irmatow Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň düzümine girýän milli ýygyndylaryň arasynda “Nawruz Kubogy” ýaryşyny gurnamagy teklip etdi. Çäräniň FIFA-nyň ýaryş senenamasynyň çäginde geçirilmegine garaşylýar. Şeýle-de, Kongresde CAFA-nyň 2022-nji ýyl üçin býujeti tassyklandy.

Ýene degişli makalalar

Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
CAFA ― 2023-e gatnaşjak ýygyndylar wekilçiligini 31-nji marta çenli tassyklamaly
Özbegistanly emin Dünýä Kubogynda rekordyň eýesidir (Dünýä Kubogynyň rekordlary)
TFF-niň ýolbaşçylary CAFA-nyň VI gurultaýyna gatnaşdylar
Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar
Çempion jogap oýnunda belli bolar