TFF-niň ýolbaşçylary CAFA-nyň VI gurultaýyna gatnaşdylar

TFF-niň ýolbaşçylary CAFA-nyň VI gurultaýyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) VI gurultaýyna gatnaşdylar. Gurultaýyň barşynda guramanyň 2021-nji ýylda alyp baran işleriň jemleri jemlenip, 2022-nji ýyldaky wezipeler kesgitlenildi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

CAFA-nyň prezidenti Rustami Emomali açylyş çykyşynda guramanyň Merkezi Aziýa da futboly ösdürmekdäki goşandyny belläp, soňky iki ýylda halkara ýaryşlary geçirmekde koronawirus pandemiýasynyň täsirine ünsi çekdi. Şeýle-de bolsa CAFA tamamlanyp barýan ýylda Duşenbe şäherinde halkara ýaryşlaryň üçüsini geçirdi. Geljek ýylda bolsa sekiz ýaryşy geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem gurultaýda guramanyň 2021-nji ýyldaky işleri barada hasabat diňlenilip, 2022-nji ýyl üçin aýrylan býujet barada habar berildi.

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti Rawşan Irmatow geljek ýylda FIFA-nyň günlerinde Merkezi Aziýanyň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda Nowruz kubogyny geçirmek baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Ýene degişli makalalar

Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
CAFA ― 2023-e gatnaşjak ýygyndylar wekilçiligini 31-nji marta çenli tassyklamaly
Özbegistanly emin Dünýä Kubogynda rekordyň eýesidir (Dünýä Kubogynyň rekordlary)
2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň futbolyna näme garaşýar
Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar
Çempion jogap oýnunda belli bolar