2023-nji ýylda Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen eden gatnaşyklary

2023-nji ýylda Türkiýäniň Ýewraziýa ýurtlary bilen eden gatnaşyklary

2023-nji ýyl Türkiýe taýdan gynandyjy we şatlykly pursatlaryň başdan geçirlen ýyly boldy. 2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkiýede 7,6 we 7,8 bal ululygynda iki ýer titremesi boldy.

Güýç merkezi ýurduň günortasynda ýerleşýän Kahramanmaraşda bolan ýer titremesi “Asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirildi. Ýer titremesi Türkiýäniň 10 welaýatyna uly zeper ýetirdi. Ýer titremesi Siriýada, Kiprde, Gruziýa, Ermenistanda, Yrakda we Siriýada hem täsirli boldy. Ýer titremesinde 50 müňden gowrak adam ýogaldy.

Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar, ýer titremesiniň yzyna ýanyndan Türkiýä kömek bermek üçin işe girişdi. Ýewraziýa ýurtlary Türkiýede bolan ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş toparlaryny ugrady. İň köp gözleg we halas ediş toparlary Türk döwletlerinden geldi. Şol ýurtlar uçarlar we konteýnerler bilen Türkiýä ynsanperwer kömegini ugratdy.

Azerbaýjanyň, Gurziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gagauzýeriniň prezidentleri, Gruziýanyň Premýer-ministri, Dumanyň başlygynyň wekili, ministrler Türkiýäniň şol ýurtlardaky ilçihanalaryna baryp gynanç bildirdi. Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministri, Gyrgyzstanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministri ýer titremesi zerarly Türkiýä sapar gurady.

Ýewraziýa ýurtlarynyň mejlisleri işe başlaýarka Türkiýede bolan ýer titremesinde ýogalanlary hatyraladylar. 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň teklibine laýyklykda Şuşada geçirilmegi meýilleşdirlen Türk döwletleri guramasynyň nobatdan daşary sammiti Türkiýä goldaw bermek maksady bilen Ankara şäherinde geçirildi. Sammite gurama agza we synçy ýurtlaryň liderleri gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, 2023-nji ýylyň 29-njy martynda Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak, 2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý we 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýä sapar gurady.

Prezident R. T. Erdogan 2023-nji ýylda 5 Ýewraziýa ýurduna sapar gurady. Prezident Erdogan 20-njy awgustda we 18-nji dekabrda Wengriýada, 12-nji iýunda we 25-nji sentýabda Azerbaýjanda, 4-nji sentýabrda Russiýada, 2-nji noýabrda Gazagystanda we 8-nji noýabrda hem Özbegistanda saparda boldy.

Türkiýe dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde töwellaçylyk rolyny 2023-nji ýylda hem dowam etdirdi. Galla geçelgesiniň dowam etdirilmegi, ýesir çalşygy, Ukraina berilýän ýardamlar meselesinde Türkiýe liderlik etmäge dowam etdi. Türkiýe, BMG, G-20 we NATO ýaly halkara derejesinde geçirlen maslahatlarda Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin tagalla etdi.

2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň 100-njy ýyly bellenilip geçildi. Ýewraziýa ýurtlarynda hem Türkiýe Respublikasynyň 100 ýaşyna bagyşlanyp dürli çäreler geçirildi. Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän ýerli ulagy TOGG Ýewraziýa ýurtlarynyň käbir liderlerine sowgat edildi. Maý aýynda gaýtadan wezipesine saýlanan Prezident R. T. Erdogany Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri bu wezipesi blen gutlady.

Türkiýe 2023-nji ýylda Ýewraziýa ýurtlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge dowam etdi. Ýokary derejeli iki taraply saparlar guraldy. Ykdysadyýet we goranyş senagaty ýaly birnäçe ugurda edilýän özara gatnaşyklar pugtalandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
ÝB-niň Russiýa garşy 10-njy sanksiýa bukjasy güýje girdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Eýran türkmen we rus tebigy gaz serişdelerini islendik ugur boýunça geçirip bermegi teklip edýär
Türkmenistan bilen Russiýa bilelikde sanly parlament kitaphanasyny dörederler
Serdar Berdimuhamedow ýanwar aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi