47 ýyldan soň ilkinji ýeňiş

47 ýyldan soň ilkinji ýeňiş

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 6-njy tapgyrda “Arsenal” öz meýdançasynda “Lester Sitiden” 1-0 asgyn geldi.Myhmanlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 80-nji minutda oýna soň goşulan Jeými Wardi derwezä girizdi.

Bu gol Wardiniň “Arsenalyň” derwezesinden geçiren 11-nji goly hökmünde hasaba alyndy (12-nji oýnunda). “Arsenalyň” derwezesinden şu wagta çenli “Premier Ligada” iň köp gol geçiren futbolçy Weýn Runidir (12). Şeýle-de “Lester Siti” 47 ýyldan soň, ilkinji gezek “Arsenaly” myhmançylykda ýeňmegi başardy.

Olar soňky gezek 1973-nji ýylda “Arsenaly” Londonda ýeňipdiler.

Angliýanyň “Premier Ligasynyň” 6-njy tapgyrynda “Liwepul” öz meýdançasynda “Şeffild Ýunaýtedi” 2-1 ýeňdi.Sanawyň lideri “Ewerton” bolsa, myhmançylykda “Southemptondan” 20 asgyn gelip, ilkinji gezek utuldy. Şeýle-de bu tapgyra çenli hiç hili ýitgisiz barýan “Aston Willa” öz meýdançasynda “Lids Ýunaýtedden” 3-0 utuldy.

Tapgyryň merkezi oýnunda “Mançester Ýunaýted” bilen “Çelsiniň” arasyndaky duşuşykdan gol sesi eşidilmedi (0-0). “West Ham” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Mançester Siti” utuk ýitirmegini dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Liwerpul Lesteri ýeňip, APL-iň birinjiligini Tottenhem bilen paýlaşdy
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry
“Premier Ligada” futbol baýramçylygy 11 günde 30 oýun