6 ýyl sportdan daşlaşdyryldy

Keniýaly ylgaýjy, 2021-nji ýylda Boston marafonyň ýeňijisi bolan zenan türgen Diana Kipýokeiniň doping barlaglary türgen üçin oňyň netije bermedi. Şunlukda, AIU (Ýeňil atletikada dogruçyllyk birleşigi) 28 ýaşyndaky türgeniň doping barlaglarynyň netijesinde gadagan edilen “triamcinolone acetonide” maddasyna gabat gelinendigi ýüze çykaryldy.

Netijede, Diana Kipýokei 6 ýyl sportdan daşlaşdyryldy.Onuň 2021-nji ýylyň 11-nji oktýabryndan soň gazanan ähli medallary yzyna alnar.Ol şu ýylyň iýunyndan başlap, öňümizdäki 6 ýylyň dowamynda hiç hili ýeňil atletika ýaryşlaryna gatnaşmaz.

Şol bir wagtyň özünde, keniýaly ýeňil atletikaçylaryň ýene birine jerime berildi. 29 ýaşyndaky zenan türgen Puriti Rionoripo hem gadagan edilen maddalaryň birini ulanandygy sebäpli şu ýylyň noýabr aýyndan başlap, 5 ýyllyk jerime salyndy. 2017-nji ýylda Pariž marafonynda ýeňiji bolan türgeniň şu ýylyň maý aýyndan soňky ähli gazanan derejeleri-de ýatyryldy.

Soňky aýlarda doping barlaglary položitel bolan keniýaly türgenleriň sany köpelip, jerime alanlaryň sany 60-dan geçdi.

Ýene degişli makalalar

Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
11-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
R.Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy