Abbas, BMG-nyň Edýän Tagallalarynyň Güýçlendirilmegini Isledi

Abbas, BMG-nyň Edýän Tagallalarynyň Güýçlendirilmegini Isledi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, BMG-na, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin halkara derejesinde edilýän tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmegi barada çagyryş berdi.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy “WAFA”-nyň berýän habaryna görä, Mahmud Abbas, Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Günbatar Şerianyň Ramallah şäherinde BMG-nyň Ýakyn Gündogar Parahatçylyk etabynyň utgaşdyryjysy Tor Wenneslandy kabul etdi.

Kabul edilşikde BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşe ýüzlenen Abbas, Ysraýylyň Gazada Palestinanyň halkyna garşy guraýan hüjümleriniň bes edilmegini, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň dolulygyna Gazadan çekilmegini we Ysraýylyň Gazadaky basyp alyşlygynyň bes edilmegini isledi.

Guterreşden Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümleriniň bes edilmegi üçin BMG-nyň edýän tagallalarynyň güýçlendirilmegini talap eden Abbas, “Gazada şertleri gün saýyn agyrlaşýan halka gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Abbas Bilen Guterreş Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Ysraýylyň Gazadaky hassahanany bombalamagyna reaksiýa bildirdi
Prezident Erdogan, Liderler Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Abbas, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ertir Ysraýyla Gider
Ysraýyl Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär