ABŞ-nyň Döwlet Sekretary, Italiýanyň Daşary ışler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geç

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary, Italiýanyň Daşary ışler Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geç

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Italiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Antonio Tažani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannama görä, Blinken bilen Tažani Gazadaky gumanitar krizis we Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky çaknyşyklaryň bes edilmegi hakynda pikir alyşdy.

Blinken bilen Tažani, 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde Ukraina güýçli goldaw berýändiklerini ýene-de bir gezek nygtady.

Blinken bilen Tažani telefon söhbetdeşliginde Ýemende Eýran tarapyndan goldanýan Husileriň Gyzyl deňizde söwda gämilerine garşy guraýan hüjümler tarapyndan abanýan howplar hakynda hem pikir alyşdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Husileri Nyşana Aldy
ABŞ Hindi Okeanyndaky Gäminiň Eýran Tarapyndan Urlandygyny Habar Berdi
Gazada dowam edýan Ysraýylyň hüjümleri
AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Altyn asyr Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar
BSGG Gaza Üçin Çagyryş Edýär
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler