ABŞ-nyň Liwanyň garşylygyny ýaragsyzlandyrmak üçin basyşy/Hizbullah mejbury meýilnamalara garşy durýar

ABŞ-nyň Liwanyň garşylygyny ýaragsyzlandyrmak üçin basyşy/Hizbullah mejbury meýilnamalara garşy durýar

Waşington şu ýylyň ahyryna çenli Liwanyň ähli ýerinde doly ýaragsyzlandyrylmaga çagyrsa-da, Hizbullah daşary ýurtlaryň basyşyna garşy durmagyny dowam etdirýär we Liwanyň goşuny Ysraýyl režiminiň agressiýasyna garşy durmak missiýasyny öz üstüne aldy.

Soňky günlerde ABŞ Liwanyň hökümetine diňe Litani derýasynyň günortasynda däl, eýsem Liwanyň topragyndaky ähli ýaraglaryň hökümetiň gözegçiligine geçirilmegini we bu çäräniň şu ýylyň ahyryna çenli amala aşyrylmalydygyny aýdyň talap etdi.

Garşylygy gowşatmaga we Hizbullahy ýaragsyzlandyrmaga gönükdirilen bu haýyşy ABŞ-nyň ýörite wekiliniň orunbasary Morgan Ortagus Liwanyň resmileri bilen duşuşykda etdi.

Ortagus metbugata beren interwýusynda Waşingtonyň Liwanyň hökümetiniň ýaraglary doňdurmak baradaky kararyny goldaýandygyny we Liwanyň goşunynyň bu meýilnamany doly amala aşyrmalydygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, Liwanyň prezidentligine ýakyn çeşmeler Sionist režimiň serhet sebitlerine, esasanam Blida şäherine eden hüjümleriniň we şäher işgäriniň birisiniň şehit bolmagynyň Tel-Awiwiň Liwany gönüden-göni gepleşikleri kabul etmäge we garşylygy ýaragsyzlandyrmaga mejbur etmek üçin edýän basyşynyň bir bölegidigini yglan etdiler.

Bu çozuşlara jogap hökmünde, Liwanyň prezidenti Jozef Aun daşarky howplara milli garşylygy görkezýän hereket bilen ilkinji gezek Liwanyň goşunyna ýurduň günortasyndaky azat edilen sebitlerde Ysraýyl režiminiň islendik harby çozuşyna gönüden-göni garşy durmagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Hizbullah Ysraýylyň demirgazygyna raketa hüjümini gurady
Liwanda Ysraýylyň guran hüjümlerinden soň 1 günlük milli ýas yglan edildi
BMG Gaza ylalaşygynyň “adalatly we yzygiderli prahatçylyga” öwrülmegi üçin çagyryş edildi
Netanýahu: ABŞ-Eýran ylalaşygy Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň öňüni alyp bilmez
Eýran ABŞ-na blokadasyny aýyrmagy we Eýrandaky we Liwandaky uruşlary bes etmegi üçin möhlet berdi
Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi