ABŞ-nyň we Hytaýyň Wekiliýetleriniň Gepleşikleri Başlady

ABŞ-nyň we Hytaýyň Wekiliýetleriniň Gepleşikleri Başlady

ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň we Ak Tamyň Milli howpsyzlykdan jogapkär geňeşçisi Jek Sýulliwanyň hytaýly kärdeşleri bilen Alýaskadaky gepleşikleri başlady.

Blinken maslahatdan sözlän sözünde Hytaýyň wekiliýeti bilen resmi Pekiniň Sinjan awtanomiýasynda uýgurlara goýulan çäklendirmeleri, Hytaýyň Gonkong we Taýwan syýasatyny gün tertibine getirjekdigini beýan etdi.

Hytaý bilen ABŞ-nyň özlerine mahsus syýasy ulgamlara eýedigini beýan eden Blinken, bu tapawutlyklara garamazdan iki ýurduň howa çalşygy we global ykdysadyýet ugurlarynda umumy bähbitleriniň bardygyny aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministri Ýan Szeçi bolsa ABŞ-ny Gonkong sebäpli goýan çäklendirmeleri üçin tankyt etdi.

Ýan Szeçi, Blinkeniň kiber howpsyzlyk meselesini hem gün tertibine getirjekdigini beýan etmeginden soň, ABŞ-nyň kiber düzgün bozmalarynda dünýäde öňdebaryjydygyny beýan edip; “Bu meselede başgalaryny günäkärlemäň” diýdi.

ABŞ-nyň Hytaýa gönükdirýän günäkärlemelerine hem jogap beren Ýan Szeçi, ABŞ-ny nazarda tutup Hytaýyň basybalyjylygy, hökümetleri agdarmagy we başga ýurtlaryň raýatlaryny gyrmagy kabul etmeýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Şäheriň ähli ilaty bir jaýda ýaşaýar
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy
Gyşyna ak, ýazyna goňur