AFK Kubogynda “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” bäsdeşleri belli boldy

AFK Kubogynyň täze möwsüminde ýurdumyzyň adyndan iki klub çykyş eder.Düýn toparçalaryň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda, “Altyn asyr” hem-de “Ahal” toparlary Merkezi Aziýa zolagynyň toparçalarynda çykyş eder. Ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” “F” toparçada Özbegistanyň AGMK ýa-da “Nasaf”, Täjigistanyň “Hojand” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparlary bilen duşuşar.

Häzirki wagtda Özbegistanyň AGMK topary AFK Çempionlar ligasy ýaryşyna-da dalaş edýär.Eger saýlama tapgyryny şowly tamamlasa, onda “Nasaf” topary “Altyn asyryň” bäsdeşi bolar.

Wise-çempion “Ahal” bolsa, “E” toparçada Täjigistanyň “Rawşan Kulob” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” bilen özara güýç synanyşar.

Toparlar toparçalarda özara bir gezek duşuşarlar. Duşuşyklar merkezileşdirilen görnüşde oýnalar. “E” hem-de “F” toparçalardaky oýunlar şu ýylyň 14-20-nji maýy aralygynda geçiriler. Toparçalarda 1-nji orny eýelän klublar ýaryşy dowam etdirerler. Zolaklaryň ýarym final awgust aýynda, ýaryşyň final duşuşygy-da şu ýylyň 26-njy noýabrynda oýnalar.

Merkezi zolak

“E” TOPARÇA

“Rawşan Kulob” (Täjigistan)

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

“Ahal” (Türkmenistan)

“F” TOPARÇA

AGMK ýa-da “Nasaf” (Özbegistan)

“Altyn asyr” (Türkmenistan)

“Hojand” (Täjigistan)

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

The post AFK Kubogynda “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” bäsdeşleri belli boldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlarynyň AFK Kubogynda geçirjek oýunlarynyň wagtlary belli boldy
Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy
“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary AFK Kubogyndaky garşydaşlaryny bildiler
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy “Sogdiana” toparyna geçdi
AFK-nyň kubogy ― 2021: Altyn asyr bilen Ahal bir toparçada ýaryşmaz