“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlarynyň AFK Kubogynda geçirjek oýunlarynyň wagtlary belli boldy

Altyn Asyr hem-de Ahal toparlarynyň AFK Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde geçirjek oýunlarynyň wagtlary belli boldy.

Bu barada AFK tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna iberilen resmi hatda beýan edilýär.

Ýeri gelende bellesek, ýakynda Kuala-Lumpur şäherinde geçiren bije çejişliginiň netijesinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi Altyn Asyr bilen kümüş medalyň eýesi Ahal toparlary öz garşydaşlaryny bildiler.

Ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi Altyn Asyr topary F toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny üçünji hatarda tamamlan AGMK (ýa-da Nasaf), Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi Hojand hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan Alaý toparlary bilen bäsleşer.

E toparça düşen Ahal toparynyň garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi Rawşan hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony Dordoý toparlary bolarlar.

AFK-nyň Kubogy 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyryna gatnaşýan AGMK topary AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigine düşen ýagdaýynda, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde onuň ornuny Özbegistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi Nasaf topary eýelär.

AFК-nyň Kubogy-2021. Merkezi sebit. Е toparça.

1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna)

Ahal (Türkmenistan) Rawşan (Täjigistan)

2-nji tapgyr, 17-nji maý (duşenbe)

Dordoý (Gyrgyz Respublikasy) Ahal (Türkmenistan)

3-nji tapgyr, 20-nji maý (penşenbe)

Rawşan (Täjigistan) Dordoý (Gyrgyz Respublikasy)

AFК-nyň Kubogy-2021. Merkezi sebit. F toparça.

1-nji tapgyr, 14-nji maý (anna)

AGMK ýa-da Nasaf (Özbegistan) Alaý (Gyrgyz Respublikasy)

Altyn Asyr (Türkmenistan) Hojand (Täjigistan)

2-nji tapgyr 17-nji maý (duşenbe)

Alaý (Gyrgyz Respublikasy) Altyn Asyr (Türkmenistan)

Hojand (Täjigistan) AGMK ýa-da Nasaf (Özbegistan)

3-й тур, 20 мая (четверг)

AGMK ýa-da Nasaf (Özbegistan) Altyn Asyr (Türkmenistan)

Hojand (Täjigistan) Alaý (Gyrgyz Respublikasy)

Ýene degişli makalalar

AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy
“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary AFK Kubogyndaky garşydaşlaryny bildiler
AFK Kubogynda “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” bäsdeşleri belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy “Sogdiana” toparyna geçdi