“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary AFK Kubogyndaky garşydaşlaryny bildiler

Şu gün, 27-nji ýanwarda Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi.

Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi “Altyn Asyr” bilen kümüş medalyň eýesi “Ahal” toparlary öz garşydaşlaryny bildiler.

Ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi “Altyn Asyr” topary “F” toparçada Özbegistanyň futbol çempionatyny üçünji hatarda tamamlan AGMK (ýa-da “Nasaf”), Täjigistanyň futbol birinjiliginiň kümüş medalynyň eýesi “Hojand” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan “Alaý” toparlary bilen bäsleşer.

“E” toparça düşen “Ahal” toparynyň garşydaşlary Täjigistanyň Kubok bäsleşiginiň ýeňijisi “Rawşan” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” toparlary bolarlar.

AFK-nyň Kubogy 2021-iň toparçalaýyn bäsleşigi 14-20-nji maý aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri sebitleýin finalda duşuşmaga mümkinçilik alarlar. Iki oýundan ybarat bolan final duşuşygy 11-25-nji awgustda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, saýlama tapgyryna gatnaşýan AGMK topary AFK-nyň çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşigine düşen ýagdaýynda, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde onuň ornuny Özbegistanyň futbol çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi “Nasaf” topary eýelär.

AFK-nyň Kubogy - 2021

Merkezi sebit

“Е” toparça:

“Rawşan” (Täjigistan)

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

“AHAL” (TÜRKMENISTAN)

“F” toparça:

AGMK (ýa-da “Nasaf”, Özbegistan)

“ALTYN ASYR” (TÜRKMENISTAN)

“Hojand” (Täjigistan)

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)

Ýene degişli makalalar

AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlarynyň AFK Kubogynda geçirjek oýunlarynyň wagtlary belli boldy
Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy
AFK Kubogynda “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” bäsdeşleri belli boldy