AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy

AFK-nyň Çempionlar ligasy: Gündogar zolakdaky duşuşyklary kabul etjek döwletler belli boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň şu ýylky duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçiriler.

Häzir Günbatar sebitiň duşuşyklarynyň nirelerde geçiriljekdigi belli däl, ýöne AFK-nyň resmi saýty Gündogar sebitdäki toparçalaýyn duşuşyklary kabul etjek döwletler barada maglumat berdi.

Şeýlelikde, F, G we J toparçalaryndaky duşuşyklar Tailandda, H toparçasyndaky duşuşyklar Wýetnamda, I toparçasynyň duşuşyklary bolsa Malaýziýada geçiriler.

Has takygy,

Tailandda boljak duşuşyklar:

F toparça: Şandong Taişan (Hytaý), Urawa Reds (Ýaponiýa), Lion Siti (Singapur), pleý-offuň ýeňijisi.

G toparça: Patum Ýunaýted (Tailand), Çonnam Dragons (Koreýa Respublikasy), Ýunaýted Siti (Filippinler), Melburn Siti (Awstraliýa).

J toparça: Şanhaý Port (Hytaý), Çiangraý Ýunaýted (Tailand), Kitçi (Gonkong), pleý-offuň ýeňijisi.

Wýetnamda boljak duşuşyklar:

H toparça: Çonbuk Motors (Koreýa Respublikasy), Ýokogama Marinos (Ýaponiýa), Hoang An Gia (Wýetnam), pleý-offuň ýeňijisi.

Malaýziýada boljak duşuşyklar

I toparça: Kawasaki Frontale (Ýaponiýa), Guangžou (Hytaý), Johor Darul Tazim (Malaýziýa), pleý-offuň ýeňijisi.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar zolagynda ýurdumyzyň wise-çempiony Ahalyň hem ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
IFFHS Aziýanyň 2021-nji ýyldaky iň gowy futbol klublaryny kesgitledi
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
2023-nji ýylyň sport kalendary