AK ARZUWLY AŞGABAT

AK ARZUWLY AŞGABAT

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlary boýunça ajaýyp üstünliklere eýe bolýar.Gurulýan ajaýyp kitaphanalaryň, medeni merkezleriň, muzeýleriň, şeýle hem durky täzelenen “Watan”, “Türkmenistan” kino-konsert merkezleriniň, “Türkmen owazy” we “Owaz” teleradioýaýlymlarynyň açylmagy, milli operanyň, simfoniki orkestriň dikeldilmegi, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň döredilmegi Mähriban Arkadagymyzyň döredijilik işgärlerine goýýan sarpasyndan nyşandyr.

Gözel paýtagtymyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede gurnamak maksady bilen, 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabat şäher häkimliginiň tans, orkestr we aýdymçylar toparyndan ybarat bolan “Aşgabat” döredijilik topary döredildi. Kabul edilen resminamalara laýyklykda “Aşgabat” döredijilik toparynyň işine Aşgabat şäher medeniýet müdirligi ýolbaşçylyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 28-nji dekabrynda durky täzelenen, döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Watan” kinokonsert merkezi açyldy.Bu binanyň içinde “Aşgabat” orkestri, tans topary üçin işlemäge we täze tanslary, eserleri döretmäge ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.

Tans toparynyň artistleriniň türgenleşik işlerini geçirmek üçin ýokary hilli enjamlar we ses enjamlary ornaşdyrylan ýörite otaglar bilen üpjün edilen.Tans toparyň baýramçylyk dabaralarynda geýýän egin-eşiklerini aýawly we talaba laýyk saklamak üçin, ähli gerek esbaplar we gurallar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen geýim otaglary hem bar.

Aşgabat“ döredijilik toparynyň düzümindäki Aşgabat“ tans topary Türkmenistan döwletimiziň şanly seneleri we baýramçylyklary mynasybetli gurnalýan ähli medeni-köpçülikleýin çärelerinde, Türkmenistanyň Maslahatlar köşgünde, şol sanda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen açylýan zawod-fabrikleriň, ak mermerli binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, Awaza“ syýahatçylyk zolagynda gurulýan täze binalaryň açylyş dabaralarynda öz ajaýyp tanslary, eserleri bilen üstünlikli çykyş edip gelýär.

2008-2009-njy ýyllarda “Aşgabat” tans toparyna Myrat Hanow ýolbaşçylyk edýär.Ol ýolbaşçylyk eden döwründe “Aşgabat” tans topary birnäçe döwrebap tanslaryny döretdi we halkymyzyň uly söýgüsine mynasyp boldy.

Muňa mysal edip, “Heserli”, “Çuwgider”, “Ýeňiş”, “Toý sowgady” we sport tanslaryny görkezmek bolar. Öz tanslary bilen tans sungatynyň ösmegine uly goşant goşanlygy üçin, Aşgabat şäher häkimliginiň Aşgabat“ döredijilik topary 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edilýär.

Bu bolsa toparyň agzybir agzalaryny geljekde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. 2009-2011-nji ýyllarda Irina Annaýewa “Aşgabat” tans toparyna ýolbaşçylyk edýär.Onuň ýolbaşçylyk eden wagty tans topary täze-täze tanslary döredip, öz döredijiligini baýlaşdyrýar.Mysal üçin, “Gyzlar tansy”, “Kebelek”, “Şarlawuk” tanslarynyň döredilmegi netijesinde Aşgabat şäher häkimliginiň Aşgabat“ tans topary 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edilýär.

Aşgabat“ döredijilik toparynyň bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutulyp hem-de paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurnalýan döwlet derejesindäki çärelerine bökdençsiz barmaklary üçin, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýokary hilli, döwrebap, ähli amatlyklary özünde jemleýän awtobus ulagynyň sowgat berilmegi toparyň işgärleriniň döredijilik ylhamlaryny artdyrdy.

2012-nji ýyldan häzire çenli Aşgabat“ tans toparyna Jennet Agadurdyýewa ýolbaşçylyk edýär.Onuň ýolbaşçylyk edip başlan döwründen Aşgabat“ tans topary öz döredijiligini has-da kämilleşdirdi we netijede toparyň döredijiligi Elwan güller“, Ylham“, Gyz“, Nowaýy“, Jana-jan“, Türkmenistan“ ýaly ajaýyp tanslar bilen baýlaşdy.

Aşgabat“ tans topary 2012-nji ýylda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edildi. Şeýle hem 2012-nji ýylda “Aşgabat” tans toparynyň artisti Şirin Çarymyradowa tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirendigi üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 1000 (bir müň) amerikan dollary pul sylagy bilen sylaglanyldy. Şirin çagalyk döwründen bäri, tansyň inçe syrlaryny öwrenmek bilen meşgullanyp gelýär.

Arzuwlaryň amala aşýan bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat ulgamynda ähli mümkinçilikleriniň döredilmegi ýaş tansçy gyzyň kalbyndaky höwesiň amala aşmagyna badalga berdi we şonuň netijesinde, ençeme ýyllar bäri tans toparynda çeken uly bolmadyk döredijilikli zähmeti bilen hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly sylaga mynasyp boldy.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara beslenýär.Aşgabat“ tans toparynyň agzalary geljekde has-da döredijilikli işläp, milli ruhdaky döwrebap tanslary döretmegi we täze-täze tanslary halkymyza we hormatly Prezidentimize sowgat etmegi maksat edinýärler.

Ýene degişli makalalar

Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry 2023
Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi
Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy
Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Kazandaky täze baş konsuly Tatarystanyň prezidenti bilen duşuşdy