Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi

Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň aýdym-saz bölüminiň gurnamagynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça komitetiniň ugurdaş çäresi hökmünde Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň konserti geçirildi.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy hünäriniň talyplar ansamblynyň dutar saz guralynda ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Konsertiň dowamynda Ýoly Orazowyň Zer olmaz, Berdimuhammet Atabaýewiň Ýaşylbaş, Magtymguly Rozymämmedowyň Sen ýetir, Kerim Pirnepesowyň Paş eder seni, Ýaranlar, Kerwen Agadurdyýewiň Zamana geldi, Il biläni ýaly ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary konserte gatnaşyjylaryň şatlygyny artdyrdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşy hünäriniň talyp ýaşlarynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri dabara gatnaşyjylary has-da buýsandyrdy. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlan özboluşly sowgady boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
08.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga çagyryldy
Ýaponiýanyň Tendo şäherinde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Kazandaky täze baş konsuly Tatarystanyň prezidenti bilen duşuşdy