Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň döwlet daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň döwlet daşary işler ministri bilen duşuşdy

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow bilen bu ýurduň daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler. Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ýene-de baý mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Taraplar Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler. Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriniň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Ýaponiýadaky ilçileri duşuşdylar
Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Aşgabatda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanan sergi açyldy
Rustam Minnihanow Atadurdy Baýramowa täze wezipesinde üstünlikler arzuw etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýadaky we Ýewropadaky ilçilerini täzeleýär
Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi wezipesine bellenildi