Altyn asyr Şagadamy utup, sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy

Altyn asyr Şagadamy utup, sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy

Altyn asyr 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda Şagadamy ýeňlişe sezewar etdi. Aşgabatda geçirilen duşuşyk aragatnaşykçylaryň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Altyn asyra ýeňiş getiren gollary Myrat Annaýew (31-nji minut, penalti), Yhlas Toýjanow (67-nji minut) we Altymyrat Annadurdyýew (76-njy minut) geçirdi. Şagadamyň düzüminde Kerim Hojaberdiýew (3-nji minut) tapawutlandy.

Şeýlelikde, Altyn asyr topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Naýbaşy kubok üçin oýunda meýdança çykan Altyn asyr 2021-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan bolsa, Şagadam geçen ýyl Türkmenistanyň Kubogyna (2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek) eýe çykypdy.

Maglumat üçin, Altyn asyr öz taryhynda sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Aragatnaşykçylar mundan ozal 2015-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji, 2019-njy, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda bu baýragyň eýesi bolupdylar.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna Altyn asyrdan başga-da Balkan (öňki Nebitçi) we HTTU toparlary üç gezekden, Aşgabat, Merw we Ahal toparlary bir gezekden mynasyp boldular.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak üçin şu möwsümde ýurduň çempiony bolan Ahal bilen wise-çempion Altyn asyr özara güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol çempionaty Energetiksiz dowam eder
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Mirza Beknazarow Estoniýanyň Narwa Trans topary bilen şertnama baglaşdy
Maksim Kazankow ýene toparyny täzeledi
Teýmur Çaryýew Abdyş-Ata bilen gyrgyz çempionatyndaky ilkinjiduşuşykda goragda sak durdy