Altyn asyryň AFK-nyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy Özbegistanyň Superligasynda birinji orna çykdy

Altyn asyryň AFK-nyň kubogy ― 2022-däki garşydaşy Özbegistanyň Superligasynda birinji orna çykdy

Sogdiana futbol topary Özbegistanyň Superligasynyň 10-njy tapgyrynda uly hasaply ýeňiş gazandy. Topar Kukon-1912-niň derwezesinden jogapsyz üç pökgi geçirdi.

Duşuşykda Sogdiananyň gollaryny 53-nji minutda Şohruz Norhonow, 61-nji minutda Hislat Halilow, 83-nji minutda bolsa Doniýor Abdumannopow öz adyna ýazdyrdy.

10 tapgyrdaky duşuşyklarynyň ählisini hem geçiren Sogdiana 6 ýeňiş, 2 deňlik bilen 20 utuk toplap, ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Toparyň AFK-nyň kubogy ― 2022-de Türkmenistanyň çempiony Altyn asyr bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Ahal ― Pahtakor duşuşygynda VAR ulgamyndan peýdalanylar
Russiýadaky hüjümde 100 adamy halas eden musulman ýaş oglan sylaglandyryldy
Öý dogrusynda
Türk mediasyna syn
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi