Alymlar çaýyň garramagyň öňüni alýandygyny anykladylar

Alymlar çaýyň garramagyň öňüni alýandygyny anykladylar

Hytaýyň Syçuan uniwersitetiniň alymlary yzygiderli çaý içmegiň bedeniň garramagyny haýalladýandygyny anykladylar, munuň sebäbi çaýyň düzümine girýän polifenoldyr. Ylmy-barlaglaryň jemleri The Lancet žurnalynda çap edildi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Alymlar Hytaýyň 30-79 ýaş aralygyndaky ýaşaýjylarynyň sekiz müňe golaýynyň saglygy barada magumatlary öwrendiler. Ylmy işe şeýle-de 37-73 ýaş aralygyndaky alty müň britan meýletinçileriniň maglumatlary goşuldy. Alymlar olaryň nähili iýmitlenýändigi we haýsy çaýy içýändikleri bilen gyzyklandylar.

Alymlar olaryň gan basyşyny, gandaky holesteriniň derejesini, bedendäki ýagyň göterimini öwrendiler. Bu netijeler olaryň biologik ýaşyna baha bermek üçin peýdalandy.

Çaýy yzygiderli içmegiň bedeniň biologik taýdan garramagynyň öňüni alýandygy belli boldy. Muňa içginiň düzümindäki aýratyn ösümlik birleşmeleri bolan polifenollar sebäp bolýar. Olar sowuklama we oksidantlara garşy täsirlidir.

Alnan netijeler günde üç käse çaý içmegiň biologik garramagy haýalladýandygyny görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Türk Çaýynyň Eksporty Ösýär
Zyýat Hil konditer dükanlary: süýjüligiň islendik görnüşleri
Çereşnýa sapagynyň peýdalary
Ýellenme sebäpli ýüze çykýan sanjylaryň tebigy çözgütleri
Türk Çaýy 112 Ýurda Eksport Edildi
Gowy uklamak we uzakly gün özümizi gowy durmak üçin käbir tebigy çözgüt teklipleri