AÖB Owganystanyň elektrik üpjünçiligine 154 million dollar grant gönükdirdi

AÖB Owganystanyň elektrik üpjünçiligine 154 million dollar grant gönükdirdi

Aziýanyň Ösüş Banky ýurduň elektrik toguny günbatar Hyrat we Farah welaýatlaryna geçirip, degişli welaýatlardaky ýaşaýjylary elektrik energiýasynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin Owganystandaky elektrik üpjünçiligini ýokarlandyrmaga 154,4 million dollarlyk granty tassyklady.

Bankyň çarşenbe güni beren habaryna görä, Aziýa ösüş gaznasyndan 36,4 mln ABŞ dollary möçberinde bölünip berlen grant serişdeleriniň üsti Owganystanyň infrastruktura maksatlaýyn gaznasynyň tehniki kömegi bilen doldurylar.

Aziýa ösüş banky tarapyndan dolandyrylýan Owganystanyň infrastruktura maksatlaýyn gaznasy, infrastrukturany ösdürmek arkaly owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmak maksady bilen 2010-njy ýylda döredildi.

Taslama laýyklykda, elektrik energiýasyny Türkmenistandan satyn almak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň çäklerinde 100 megawattlyk energiýanyň ýel we gün elektrobeketlerinden satyn almak we dizel ýangyjyndan alynýan elektrik energiýasyny arassa we gaz esasynda alynýan amatly energiýasy bilen çalyşmak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş ýerleriň ilkinji gezek elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegi owgan hökümetiniň Milli energoüpjünçilik maksatnamasynyň wezipelerine kybap gelýär.

Bu taslama Owganystanyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça umumy 1,2 milliard dollarlyk maýa goýum maksatnamasynyň (2015-2024) bir bölegi bolup durýar. Aziýanyň ösüş banky 2002-nji ýyldan bäri 1,77 milliard dollarlyk grant bermek bilen, Owganystanyň energiýa pudagyndaky býujet boýunça iň uly hyzmatdaşlarynyň biridir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Tbiliside geçirilýän AÖB-nyň 57-nji duşuşygyna gatnaşýar
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara halkara ulag gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler, agyz-burun örtüklerini haýsy ýagdaýlarda dakynmaly
Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär
AZIÝA ÖSÜŞ BANKYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN “TÜRKMENDEMIRÝOLLARY” AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ ARASYNDAKY DUŞUŞYK
AÖB: 2021-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ 5 göterim, inflýasiýa 12,5 göterim ösdi
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça duşuşyk geçirildi