Argentina Fransiýany utup, dünýä çempiony boldy

Argentina Fransiýany utup, dünýä çempiony boldy

DÇ — 2022-niň finalynda Argentina oýundan soňky 11 metrlik urgularda Fransiýany ýeňlişe sezewar edip, dünýä çempiony boldy.Aýgytlaýjy oýunda Argentinanyň milli ýygyndysy Fransiýany oýundan soňky 11 metrlik urgularda ýeňlişe sezewar etdi.

Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy.Fransuzlaryň gollaryna Mbappe (80, 81 penatli) awtorlyk eden bolsa, Argentinanyň gollaryna Messi (23) we Di Mariýa (36) awtorlyk etdi.Goşmaça wagtda hem her tarap bir gol geçiridi.

Ol gollara hem Messi (108) bilen Mbappe (118, penalti) awtorlyk etdi. Şeýlelikde, oýnuň ykbaly 11 metrlik urgularda çözüldi. 11 metrlik urgularda Argentina 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.Fransuzlaryň düzüminde Tçuameni we Kuman penaltini dürs ýerine ýetirip bilmediler. Ýeri gelende bellesek, Messi Argentinanyň ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek dünýä çempiony boldy.

Mundan ozal Argentinanyň milli ýygyndysy soňky gezek Maradonanyň döwründe mundialda ýeňiş gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?
Rahat Japarow Gyrgyzystanyň kubogynyň finalynda çykyş eder
Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar
Uimbldonyň bu ýylky çempiony gazagystanly tennisçi boldy
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalçylary belli boldy
Şu gün Real bilen Aýntraht UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda duşuşar