Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalçylary belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalçylary belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň ýarymfinalynda çykyş etjek toparlar belli boldy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Aýgytlaýjy duşuşyklarda çykyş etjek toparlar toparçalaýyn bäsleşiginiň jemleri boýunça mälim edildi. “B” toparçada geçirilen duşuşyklarda “Merw” “Nebitçini” (3:2), “Ahal” bolsa “Köpetdagy” (3:0) ýeňlişe sezewar etdiler.

Şeýlelikde, “B” toparçada “Merw” bilen “Nebitçi” toparlary ýarymfinala çykmagy başardylar.

TFF-niň Kubogynyň ýarymfinal duşuşyklary 25-nji iýunda geçiriler: “Energetik” “Ahal”, “Aşgabat” “Merw”.

Bäsleşigiň final duşuşygy 27-nji iýunda oýnalar.

Üçünji tapgyryň netijeleri:

“B” topar

“Nebitçi” “Merw” 2:3

Gollar: 45+3 Begli Meredow, 47 Akmmämet Metdäýew (“Nebitçi”) 3 Pirmyrat Gazakow, 45, 90+4 Rahmet Şermetow (“Merw”)

“Ahal” “Köpetdag” 3:0

Gollar: 4 Gurban Annaýew, 45+2 Hoşgeldi Hojowow, 48 Serdar Geldiýew (“Ahal”)

Ýaryşyň tablisasy

“A” toparça

“B” toparça

24.03.2021 ý.

7-nji orun üçin duşuşyk:

18:15 “Altyn Asyr II” “Köpetdag”

5-nji orun üçin duşuşyk:

20:30 “Şagadam” “Nebitçi”

25.06.2021 ý.

Ýarym final duşuşyklar:

18:15 “Energetik” “Ahal”

20:30 “Merw” “Aşgabat”

26.06.2021 ý. dynç güni

27.06.2021 ý.:

18:15 3-nji orun ugrundaky duşuşyk

20:30 Final

Ýene degişli makalalar

19 OÝUNDAN SOŇ, ILKINJI ÝEŇŞI
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy
TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy