Argentinada 2 oýunçy şikesi aldy we düzümden çykaryldy

Iki günden başlanjak Dünýä Kubogynyň başlamagynyň öňüsyrasynda, hemişe bolşy ýaly, eýýäm 2-nji futbolçy şikes almagy sebäpli düzümden çykaryldy.Fransiýada Presnel Kimpembeden bilen 3 gün öň şikes alan Kristofre Nkunkudan soň, Argentinanyň düzüminde-de birbada 2 futbolçy Dünýä Kubogynyň daşynda galar.

Geçirilen türgenleşikde ýarymgoragçy Nikolas Gonzalesiň hem-de Hoakin Korreanyň şikes alandygy habar berildi. Şikesi sebäpli çempionatyň daşynda galan Gonzalesiň ornuna tälimçi Skaloni “Atletiko Madridiň” ýyldyzy Anhel Korreany, Hoakin Korreanyň ornuna-da “Atlanta Ýunaýtedde” oýnaýan Tiago Almadany düzüme çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, 27 ýaşynda hüjümçi Anhel Korrea soňky pursatda esasy düzümiň daşynda galypdy.

Ýene degişli makalalar

Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
“Interiň” ýyldyzy karýerasyny “Marselde” dowam eder
“Interiň” ýyldyzy karýerasyny “Marselde” dowam eder
50 ýyllyk rekorda şärik boldy
GYSGA SETIRLERDE
Futbol täzelikleri