Argentinadan 4, Ispaniýadan 3 tälimçi

Russiýa 2018-de çykyş etjek toparlaryň tälimçileri 23 döwlete wekilçilik edýär. Ýagny, 32 tälimçi 23 döwletden bolup, olaryň arasynda argentinalylar öňde barýar. 32 ýygyndynyň 4-siniň tälimçilik ýüki argentinalylaryň gerdenine ýüklenen.

Argentinanyň ýygyndysyna Horge Sampaoli tälimçilik edýär.Ussat tälimçi 2015-nji ýylda finalda Argentinadan üstün çykan Çiliniň ýygyndysyna Kopa Amerika kubogyny gazandyrypdy.Beýleki argentin tälimçileri-de meşhur Hektor Kuper Müsüriň ýygyndysyna, tejribeli Hoze Pekerman Kolumbiýanyň milli toparyna hem-de Rikardo Gareka Peru döwletiniň futbol toparyna tälim berýär. Çempionatda argentinlerden soň, 3 topar ispan tälimçileriniň ýolbaşçylygynda Russiýa 2018-de çykyş eder.

Ispaniýanyň milli ýygyndysyna Hulen Lopetegi, ýyldyzlardan doly Belgiýanyň ýygyndysyna-da Roberto Martines hem-de Saud Arabystanynyň milli toparyna täzelikde bellenen Huan Antonio Pizzi tälim bererr.Kolumbiýadan 2 tälimçi bolup, olaryň ikisi-de başga ýurtlaryň ýygyndylarynyň tälimçisi hökmünde çempionata gatnaşýar.

Huan Karlos Osorio Meksikanyň, Hernan Dario Gomes ilkinji gezek çempionata gatnaşýan Panama tälim berýär.Futbolda Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlaryndan Fransiýadyr Germaniýadan hem-de Portugaliýadanam 2 tälimçi Russiýa 2018-iň myhmany bolar. Çempionlygyň dalaşgäri Fransiýa ozalky meşhur futbolçy Didie Deşam, onuň watandaşy Erwe Renar bolsa, 2 ýyldan bäri Marokkonyň tälimçisi bolup işleýär.

Germaniýa Ýoahim Löwüň ýolbaşçylygynda 3-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşsa, Afrika yklymynyň güýçli ýygyndysy Nigeriýanyň milli toparyna-da germaniýaly Gernot Ror tälimçilik edýär.Portugaliýa yklymyň kubogyny gazandyran Fernandu Santuş Russiýa 2018-de esasy ýyldyzy Ronaldo bil baglaýar.

Başga bir portugaliýaly tälimçi Karluş Keýroş 7 ýyldan bäri Eýranyň tälimçisi bolup işleýär.Tejribeli hünärmen Eýranyň milli topary bilen 2-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşýar.Çempionata gatnaşmaýan ýurtlardan hem 3 tälimçi, has takygy, Bosniýa we gersegowinaly Wladimir Petkowiç Şweýsariýanyň, 2010-njy ýylda Niderlandlara kümüş medal gazandyran, täze wezipesine bellenenine köp wagt geçmedik gollandiýaly Bert Wan Marwiýk bu gezek Awstraliýanyň hem-de norwegiýaly Oge Hareýde Daniýanyň ýygyndysyna tälim berer.

Umuman alnanda, 32 ýygyndynyň 13-sine daşary ýurtly tälimçiler tälimçilik edýär. Ýeri gelende aýtsak, şu wagta çenli daşary ýurtly tälimçilere kubok gazanmak miýesser etmändi.

Ýene degişli makalalar

ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Transfer täzelikleri
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Bu gezek Messi sanawda ýok
FIFA-da ýylyň iň gowulary