Arkadagly Gahryman Serdarymyz Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Düýn 13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýatynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Täze zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Türkmen enjam hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy.

Kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr.Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer.

Ýene degişli makalalar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygy
Ahalteke atlary halkymyzyň milli buýsanjy
Magtymguly atam guwan iliňe, külli türkmen toý toýlaýar şanyňa
Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr
Ahalteke atym uçar ganatym
Ahalteke bedewi gözelligiň nusgasy