Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller

Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmenstandartlary Baş Döwlet gullugynyň Gökderedäki Beýik Serdar nesilleri çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda Arkadagly Serdar bilen bagta barýar ýaş nesiller ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan her bir syýasatynyň häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesillerimize nusgalyk görelde bolup durýanlygy şol nukdaýnazardan ugur alyp ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ýokary derejede döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent giň dünýägaraýyşly, saýlap alan hünäriniň eýesi bolup mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde öz mynasyp goşantlaryny goşjak ýaşlar bolup ýetişmekleri barada giňişleýin gürrüň edildi.

Çäräniň ahyrynda ýürekleri buýsançdan doly bagtyýar ýaşlarymyz bolsa öz çykyşlarynda bu günki-gün biz ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

“Ertekiler dünýäsine syýahat”
Türkmen halk ertekileri kitabyndan “Ýüz tylla” ertekisi
Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” atly kitabyndan
“Milli oýunlaryň saglyga peýdasy”
Kitaphana ylym parasat ojagy
“Paýhas çeşmesi” atly kitapdan