Arzuw haly dükany türkmen we eýran namazlyklarynyň köp dürli görnüşlerini hödürleýär

Arzuw haly dükany türkmen we eýran namazlyklarynyň köp dürli görnüşlerini hödürleýär

Arzuw haly dükanynda her bir musulman öýüniň bezegi hasap edilýän namazlyklaryň dürli hili görnüşleri alyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Türkmen we eýran halyçy hünärmenleriniň taýýarlan namazlyklary hiliniň gowulygy, reňkleriniň aýdyňlygy hem-de gölleriniň owadanlygy bilen tapawutlanýar.

Mukaddes Remezan aýynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgatlyk hökmünde öýleriň gelşigine öwrüljek namazlyklara uly isleg bildirilýär, olaryň ykjam göwrümde dokalandygy bolsa namazlygy ýanyňda götermäge mümkinçilik berýär.

Arzuw haly dükanynda halylardyr halyçalary göwrümine, reňkine, materialyna we beýleki aýratynlyklaryna görä, islendik öý bezegine kybap görnüşde saýlap bolýandygyny ýatladýarys.

Dükanyň köpdürli harytlary bilen şu salga baryp tanşyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, Beýik bina söwda toplumynyň binasy. Şeýle-de dükanyň Mary we Lebap welaýatlarynda hem şahamçalary bardyr.

Mundan başga-da, Arzuw haly dükanyndan halylary onlaýn görnüşde ýa-da IMO messenjeri arkaly +99362365566, +99361937333 (Mary), +99364700661 (Lebap) telefon belgileri boýunça, şeýle-de arzuwhalyashgabat@mail.ru elektron salgysyndan habarlaşyp satyn alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Ýaremezançy çagalar öýlere we hususy dükanlara aýlanýar, käbir satyjylar möhleti geçen önümleri berýär
Baharyň baş baýramynyň dabaralary
Türkmenistanda Oraza baýramy 10-njy aprelde belleniler
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA