Aşaky liga düşen ilkinji klub boldy

Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ myhmançylykda “Anže” toparyny Kilian Mbappeniň 9-njywe 26-njy minutlardaky gollary bilen 2-1 ýeňdi. “Nant”, “Starsbur”, “Brest” toparlarynyň utuk gazanmagyndan soň PSŽ-den 2-1 asgyn gelen “Anže” toparynyň wagtyndan öň 2-nji liga (“Ligue 2”) düşjekdigi mälim boldy. “Anže” topary 8 ýyldan soň 2-nji lida düşüp, olar 2015-nji ýyldan bäri “Ligue 1”-e wekilçilik edip gelýärdi.

Ol Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda şu möwsümde aşaky liga düşen ilkinji klub hökmünde hasaba alyndy.Geljek möwsümden başlap, 18 klubuň çykyş etjek çempionatynda bu ýyl 4 klub aşaky liga düşer.

Aşaky ligadanam 2 klub ýokary liga çykar. “Anžeden” soň 22 utugy bolan “Troýa” bilen “Aýaççonyň” hem aşaky liga düşmegine garaşylýar.Ligadan gitjek 4-nji topar bolmazlyk üçin “Brest”, “Nant”, “Strasbur” hem-de “Oser” toparlarynyň arasynda ýiti göreş dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Messi iň ökde daşary ýurtly futbolçy saýlandy
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy
53 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek kuboga mynasyp boldy