Aşgabadyň kubogynyň 6-njy tapgyrynda Aşgabat bilen Köpetdag ornuny çalyşdy

Aşgabadyň kubogynyň 6-njy tapgyrynda Aşgabat bilen Köpetdag ornuny çalyşdy

Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň jemleýji, altynjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde final duşuşygynda güýç synanyşjak toparlar belli boldy. Bu abraýa “Altyn Asyr” hem-de “Aşgabat” toparlary mynasyp boldular. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.

Altynjy tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr” “Köpetdagy” 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etse, “Aşgabat” “Ahal” toparynyň ýaşlar düzüminden 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Kubok ýaryşynda üçünji orun ugrunda geçiriljek duşuşykda “Köpetdag” bilen “Ahal II” toparlary duşuşarlar. Duşuşyklaryň ikisi hem 18-nji maýda geçiriler.

6-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri: “Aşgabat” “Ahal II” 3:0 Gollar: 34 Merdan Gurbanow (11 m.j.u.), 38 Merdan Muhadow, 57 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

“Altyn Asyr” “Köpetdag” 1:0 Gol: 76 Güýçmyrat Annagulyýew (“Altyn Asyr”)

Ýene degişli makalalar

Mergen Orazow: Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi