Aşgabatda gaplanan suwlaryň bahasy ýokarlanýar

Aşgabatda gaplanan suwlaryň bahasy ýokarlanýar

Jokrama tomus yssysy we Aşgabatda suw üpjünçiliginde bökdençlikler bolýandygy üçin gaplanan suwlaryň bahasy galýar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Iň arassa we ýokary hilli “Ýanbaş”suwy hasaplanýar we ol “Arçalyk” markasy bilen satylyp, iň gymmat bahaly suw.

1-nji iýula çenli 19 litrlik “Arçalyk” suwynyň nyrhy 12 manatdy, häzir bolsa, 14 manat. Deňeşdirmek üçin aýtsak, bir ýyl mundan owal onuň bahasy 6 manatdy.

Galan markalaryň suwy biraz arzan. Meselem, “Haýat” suwy 12 manat, “Dury çeşme” 11 manat. Emma, olary öndürijiler “Arçalyk” suwuna eýerýärler we suwlaryny 2-3 manat arzan satýarlar. Soňky günler olaryň hem nyrhy 2 manat gymmatlady.

Aşgabatlylaryň aglabasy gaplanan suwy satyn almagy makul bilýärler. Çünki, suw prowodlary arkaly gelýän suw ýeterlik gowy arassalanmaýar. Mundan başgada, öýlere suw berilýän köne turbalar hem öz täsirini ýitirip, onda ýakymsyz ys bar.

Öýlere gaplanan suwlary daşaýanlar olaryň bahasynyň galmagyny düşündirip bilmeýärler. Olar suwuň nyrhynyň gymmatlamagyndan hiç zat gazanmaýarlar. Çünki, olar bahasyna garamazdan, her satylan suwdan bir manat gazanýarlar.

“Bir günde 50 sany suw daşaýaryn, şeýdibem günüme 50 manat gazanýaryn. Iş agyr, sebäbi her gap 20 kilogram çemesi. Olary 4-5-nji, käte has ýokary gata çykarmaly bolýar. Liftler hemme ýerde işleemýär ”diýip suw daşaýanlaryň biri aýdýar.

Suwy öndürijileriň sözlerine görä, nyrhyň galmagynyň sebäbi onuň süzgüçleri walýuta satyn alynýar.

23-nji iýunda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” beren habaryna görä, suwy tygşytlamak maksady bilen bir aýdan gowrak wagt bäri Aşgabatda gijelerine suwy kesýärler.

“Meteožurnal” Ahal welaýatynda soňky 13 ýylda iň güýçli guraklygyň bolandygyny ýazýar.The post Aşgabatda gaplanan suwlaryň bahasy ýokarlanýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Akon Türkmenistanda ikinji konsertini berdi
Aşgabatdaky Tudors dükany erkekler üçin ysy durnukly atyrlaryň dürli görnüşlerini tanyşdyrýar
Amazon 3,9 mlrd dollara One Medical lukmançylyk kompaniýasyny satyn aldy
Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Türkmenabadyň merkezinde toý salony ýandy
Zenanlary we Interneti çäklendirýän Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji hakaton geçirildi
Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýoly gurlar