Şu ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistandaky City Business School (Şäher işewürlik mekdebiniň) topary ýurdumyzyň ähli telekeçilerini işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmaga we Marketing we telekeçiligi ösdürmek mowzugyny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýar.
Marketingiň näme üçin kompaniýada saklanýandygyny bilmeýärsiňizmi? Onda ähli soraglaryňyza jogap taparys!
Telekeçileriň ertirlik nahary oňa gatnaşyjylaryň arasynda ýokary derejeli özara işewürlik gatnaşygyny ýola goýmaklyk maksady bilen geçiriler. Bu çärede case-study amallaryndan peýdalanmaklyk, hakyky marketing we PR taslamalarynyň derňewi, tejribe alyşmaklyk we özara maslahatlaşmaklyk ýaly usullar ulanylar. Işewürleriň ertirlik naharynyň maksatnamasy şu aşakdaky meýilnamalardan ybarat:
Dogrudan-da satuwy artdyrmak üçin haýsy gurallar işleýär;
Işewürleriň ertirlik nahary kompaniýalaryň ýolbaşçylary, direktorlary hem-de hususy kärhanalaryň marketing, PR we telekeçiligi ösdürmek bölümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin peýdaly bolar. Çünki, bu ýerde internet marketing ulgamyndaky işiňiz bilen baglanyşykly häzirki döwrüň iň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Telekeçileriň ertirlik nahary — işewür adamlar we hususy kärhanalar üçin ajaýyp başlangyçdyr.
Işewürleriň ertirlik naharynyň spikeri: milli bilermen we işewür geňeşçi Andreý Skopow bilen digital marketolog (sanly marketolog) Ahmet Gurbanow.
Işewürleriň ertirlik naharynyň başlanýan wagty: sagat 09:45-de
Işewürleriň ertirlik naharynyň geçirilýän ýeri: Terrasa restorany, Alyşir Nowaýy köçesinde ýerleşýän Altyn Zaman binasynyň 2-nji gaty
Işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmak üçin töleg: 200 manat.
Işewürleriň ertirlik naharyna gatnaşmak isleýänlere bellige alynmak üçin telefon belgi: +993 12 46-81-65.
Mundan öň Türkmenistandaky City Business School-yň (Şäher işewürlik mekdebiniň) Sizi açyk gapylar gününe çagyrýandygyny habar beripdik.
