City Business School bilim maksatnamalaryna Täze ýyl arzanladyşyny yglan edýär

City Business School bilim maksatnamalaryna Täze ýyl arzanladyşyny yglan edýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda City Business School halkara işewürlik mekdebiniň Türkmenistandaky şahamçasy ähli okuw maksatnamalaryna arzanladyş yglan edýär. Bu özüňe ýa-da maşgalaňa we dostlaryňa Täze ýylda täze hünärleri özleşdirmegi sowgat etmäge ajaýyp mümkinçilikdir.

City Business School mekdebinde okamagyň birnäçe artykmaçlygy bar. Ilki bilen, bu ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän we häzirki zaman işewürlik toparlarynyň talaplarynyň derejesinde bilim berýän maksatnamalary ulanmagy üpjün edýän global hil standartydyr.

Bu mekdep esasy nazary bilim binýady bilen birlikde, işewürligiň dürli ugurlarynda giň tejribe toplan ýokary hünärli mugallymlary saýlap almaga aýratyn üns berýär.

City Business School-da okamagyň tapawutly artykmaçlyklarynyň hatarynda okuw işini öwrenijileriň aýratyn maksatnamasyna laýyklykda sazlamaga mümkinçilik berýän onlaýn formatdaky bilim maksatnamalarynyň çeýeligi we dürlüligini bellemek bolar.

Şeýle hem, halkara işewürlik mekdebinde öwrenijilere hünärmenleriň we telekeçileriň dünýä jemgyýetçiligine girmäge mümkinçilik berýän hünär gatnaşyklar ulgamy öwredilýär. Bu bolsa öz gezeginde işewürlikde üstünlik gazanmak üçin gymmatly bilim baýlygydyr.

City Business School mekdebiniň maksatnamalary:

MBA General — 1,5 ýyl okuw, 11 modul + 1 saýlamaga, hünär taýdan ýöriteleşmek üçin 3 taslama işi, 700 keýs, 72 sany öňdebaryjy mugallym, 38 sany dissiplina. Okuw tamamlanandan soň iki diplom berilýär: CBS diplomy we Ýewropanyň EDLEA diplomy, MBA derejesi.

MBA Intensive — dolandyryş başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin intensiw okuw. Bu maksatnama işewürlik biliminiň esaslary boýunça 1 ýyllyk okuw üçin niýetlenendir. 10 modul + 1 saýlamaga, hünär taýdan ýöriteleşmek üçin 2 taslama işi, 650 keýsi öz içine alýar. Ýedi dissiplina boýunça 64 öňdebaryjy mugallym gatnaşýar. Talyplar 2 diplom alýarlar: CBS diplomy we Ýewropanyň EDLEA diplomy, MBA derejesi.

Mini-MBA Professional — işewürlikde esasy bilimleri we başarnyklary gazanmak, hünär işlerinde aýratyn wezipeleri çözmek we ösüşiň netijeli geljegini kesgitlemek isleýänler üçin niýetlenen maksatnama.Bu maksatnama 6 aýlyk okuwy, 540 okuw sagadyny, 6 moduly + 1 saýlamaga, hünär taýdan ýöriteleşmek üçin 1 taslama işini, 300 keýsi, 45 sany öňdebaryjy mugallymy öz içine alýar.

Okuw tamamlananda — 2 diplom berilýär: CBS diplomy we Ýewropanyň EDLEA diplomy.

Maliýe müdiri — maliýe dolandyryş pudagyndaky iň häzirki zaman bilimleri we amaly endikleri birleşdirýän maksatnama. 6 aýlyk okuw üçin niýetlenendir. 23 sany öňdebaryjy mugallym tarapyndan okadylýan 100 sany amaly sapaklary we seminarlary öz içine alýar. Maksatnama tamamlanandan soň, hünär derejesini ýokarlandyrmak barada şahadatnama we Ýewropanyň uzak aralykdan geçilýän okuwlar we bilim assosiasiýasynyň diplomy berilýär.

Hünärmen müdiri — işgärleri dolandyrmak pudagyndaky iň häzirki zaman bilimleri we amaly endikleri birleşdirýän maksatnama. 16 sany öňdebaryjy mugallymyň ýolbaşçylygyndaky 6 aýlyk okuwda, 106 sany amaly sapak we seminar geçilýär. Maksatnama tamamlanandan soň, hünär derejesini ýokarlandyrmak ýa-da gaýtadan taýýarlyk geçmek barada şahadatnama we Ýewropanyň uzak aralykdan geçilýän okuwlar we bilim assosiasiýasynyň diplomy berilýär.

Satyn alyş we üpjün ediş boýunça müdir — satyn almak we üpjün etmek boýunça täze nesliň özboluşly bilimleri we amaly başarnyklary bolan maksatnama. 5 aýlyk okuw 33 sany öňdebaryjy mugallymyň ýolbaşçylygyndaky 60 sany amaly sapagy we seminary öz içine alýar. Maksatnama tamamlanandan soň, hünär derejesini ýokarlandyrmak barada şahadatnama we Ýewropanyň uzak aralykdan geçilýän okuwlar we bilim assosiasiýasynyň diplomy berilýär.

Önümçilik müdiri — täze nesliň önümçilik müdiriniň özboluşly bilimleri we amaly başarnyklary bolan maksatnama. 4 aýlyk okuw, 51 amaly sapak we seminar, 15 sany öňdebaryjy mugallym degişli. Maksatnama tamamlanandan soň, hünär derejesini ýokarlandyrmak barada şahadatnama we Ýewropanyň uzak aralykdan geçilýän okuwlar we bilim assosiasiýasynyň diplomy berilýär.

Satuw boýunça müdir — satuw we topar dolandyryşy ulgamynda iň häzirki zaman möhüm bilimleri we amaly endikleri öz içine alýan maksatnama. 5 aýlyk okuwda 14 sany öňdebaryjy mugallymyň sapak bermeginde 44 sany amaly sapak we seminar geçilýär. Maksatnama tamamlanandan soň, hünär derejesini ýokarlandyrmak barada şahadatnama we Ýewropanyň uzak aralykdan geçilýän okuwlar we bilim assosiasiýasynyň diplomy berilýär.

Marketing boýunça müdir — täze nesliň marketing müdiriniň özboluşly bilimleri we amaly başarnyklary bolan maksatnama. 5 aýlyk okuwda 8 sany öňdebaryjy mugallymyň gatnaşmagynda 52 sany amaly sapak we seminar geçilýär. Maksatnama tamamlanandan soň, hünär derejesini ýokarlandyrmak barada şahadatnama we Ýewropanyň uzak aralykdan geçilýän okuwlar we bilim assosiasiýasynyň diplomy berilýär.

City Business School mekdebiniň maksatnamalaryny saýlamak — geljegiňi döretmek, hünär ýoluň gurulmagyna badalga bermek hem-de hünär derejäňi ýokarlandyrmak üçin maýa goýmakdyr.

Has giňişleýin maglumat almak we maslahat soramak üçin şu salgylanmada arzaňyzy goýuň.

Ýene degişli makalalar

Birbada dört hytaý filmi dünýä prokatynda öňdeligi eýeledi
Eýranyň Saderat banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer
Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygy ilkinji gezek zenan boldy
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy
MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar
Pakistanda TOPH boýunça gepleşikler geçirilýär