Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy

Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda beýik kompozitor Mosartyň doglan gününiň 265 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Onda Mosartyň saz eserleriniň onusy ýaňlandy.

Halkara bäsleşikleriniň laureaty Jemal Agajanowa orkestr bilen skripka üçin konserti açdy. Jemal şol eser bilen şu ýyl Fransiýada geçirilen halkara onlaýn bäsleşikde ikinji orny eýeläpdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Atyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaýypow Don Žuan operasyndan Don Žuanyň ariýasyny ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň at gazan artisti Wladimir Mkrtumow Mosartyň iki eserini — Fantaziýa (do-minor) we Rondo (re-mažer) ýerine ýetirdi.

Stella Faramazowanyň okuwçylary Altyn Nurmyradowa (skripka), Kowus Bäşimow (alt), Erjel Ýagşymyradow (fortepiano) ilkinji gezek uly sahna çykdylar, Olar Trio eseriniň 2-nji we 3-nji bölümlerini çaldylar.

Talyplar kwarteti — Jemal Agajanowa (skripka), Aýlar Annamyradowa (wiloençel), Nury Halmämmedow adyndaky bäsleşigiň laureaty Merjen Amanowa (fortepiano), Atageldi Rozyýew (alt) Sol-minor kwarteti bilen konserti jemlediler.

Kamera ansambly kafedrasy ýubilýarlara bagyşlanan konserti dowam etmek bilen, geljekde diňleýjilere Winçenso Bellini we Ferens List barada Söýgi aýdymçylary konsertini guramagy hem meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat Halkara aýdym-saz gününi konsert bilen belledi
Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň eserleri ýaňlandy
Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hasabat ýygnagy geçirildi
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
IKEA dolulygyna elektroulaga geçer