“Türkmenawtolaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň 06-njy awgustyndan 121-nji “Bagyr Teleradioýaýlymlar merkezi” täze awtobus ugrunyň ýola goýujakdygy barada habary awtoulag.gov.tm web-saýtynda ýerleşdirdi.
121-nji Bagyr Teleradioýaýlymlar merkezi” ugur boýunça awtobus “Bagyr” belleniş nokadyndan ugraýar Gökdepe ýoly Arçabil şaýoly Bitarap Türkmenistan şaýoly Çandybil şaýoly Köpetdag şaýolundan yzyna aýlanyp, Çandybil şaýoly Gökdepe ýoly bilen hereket edip, “Bagyr” belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler : 44-33-90, 44-33-91