Atçylyk ulgamynda Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçisi M.Ayazow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdulaziz adyndaky Arap atlary Merkeziniň Baş direktory Abdulaziz Almukbiliň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda A.Almukbil Merkeziň alyp barýan işi we bu Merkez tarapyndan geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ilçi M.Aýazow duşuşygyň barşynda ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek baradaky meselelere uly üns berilýändigi barada mälim etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen diplomaty bu merkez bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky meseleleriň ýollary barada pikir alyşdy.

Ilçi M.Aýazow Merkeziň muzeýi, arap atlaryny hasaba alyş bölüminiň işi, şeýle-de bejeriş-anyklaýyş bölüminiň işi bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Abdulaziz Kamilow Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen hormatly adyna mynasyp boldy
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Prezident Erdogan Indoneziýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen girişdi
Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy